logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Technology /Ýewropa Parlamenti dünýädäki ilkinji emeli aň kanunyny tassyklady
  17.03.2024
614
Ýewropa Parlamenti dünýädäki ilkinji emeli aň kanunyny tassyklady

Ýewropa Parlamenti, emeli aňyň ulanylyşynyň düzgünlerini girizen dünýäde ilkinji kanuny düzgün bolan "Ýewropa emeli aň" kanunyny tassyklady. Täze kanun bilen, adam hukuklaryna howp salýan emeli aň programmalary, şol sanda ýüz tanamak maksady bilen maglumatlar binýadyny döredýän ulgamlar gadagan edilýär. Golaýda geçirilen, Mejlisiň Baş Assambleýasynda Ýewropa Bileleşiginiň (EUB) Komissiýasynyň, Ýewropa Parlamentiniň we agza döwletleriň ozal ylalaşyga gelen düzgüni ara alnyp maslahatlaşyldy. Emeli aň kanuny 523 agzanyň sesi bilen 46 sany boldy. Täze kanun ABŞ-nyň resmi gazetlerinde çap edilenden 21 gün soň güýje girer.

 

Umumy maksatly emeli aňyň ulanylyşy boýunça çäreleri öz içine alýan ilkinji düzgün bolan kanun, esasanam howpsuzlyk güýçleri tarapyndan biometrik kesgitleýiş ulgamlaryny ulanmakda çäklendirmeler girizýär.

 

Kanuna laýyklykda, "Deepfake" diýlip atlandyrylýan emeli ýa-da üýtgedilen wizual, ses ýa-da wideo mazmunyny anyk kesgitlemek zerur bolar. Şeýle hem Ýewropanyň emeli aň kanuny ABŞ-nyň raýatlaryna AI ulgamlary barada şikaýat etmäge we hukuklaryna täsir edýän ýokary töwekgelçilikli AI ulgamlaryna esaslanýan kararlar barada öwrenmäge mümkinçilik berer.

 

Kanun bilen baglanyşykly gutarnykly düzgünler, emeli aň amallarynyň ikitaraplaýyn ýa-da kemsidilendigi barada adam hukuklary synaglaryndan soň 2026-njy ýylyň maý aýynda güýje girer. Kanunda görkezilen düzgünleri bozýan kompaniýalara umumy dolanyşygynyň 7 göterimi möçberde jerime salynar.

 

Jennet ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.