logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Ýewropada dümew tolkuny!
  03.01.2023
1870
Ýewropada dümew tolkuny!

Ýewropanyň köp ýurtlarynda dümew we şuňa meňzeş dem alyş ýollary bilen bagly keselleriň köpelmegi sebäpli ýokary temperatura, bogun agyry, bokurdak agyry we dem alyş kesellerine garşy göreşmek üçin ulanylýan dermanlary tapmakda kynçylyklar ýüze çykdy.

Derman önümçiliginiň ýokary çykdajylary we önümçiligiň Ýewropanyň daşyndalygy sebäpli, üpjünçilik zynjyrynda bökdençlikler hasaba alyndy.

BSGG dünýä döwletlerine dümewe garşy sanjym çärelerini güýçlendirmek barada duýduryş berdi.

Belläp geçsek, Awstriýada, Gresiýada, Polşada, Şweýsariýada, Gollandiýada, Fransiýada ýüz müňlerçe adam dümewledi. Hassahanalarda dümew bilen baglanyşykly wakalar köpeldi.