logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ýewropada howanyň temperaturasy üýtgeýär
  22.04.2024
658
Ýewropada howanyň temperaturasy üýtgeýär

Ýewropanyň merkezi böleginde we Balkan ýarym adasyndaky döwletlerde gar ýagdy. Bu sebitlerde ozal howanyň temperaturasy 30°C-e gradusa ýetýän adaty bolmadyk yssy ýazy başdan geçirýärdi.

 


Bu barada “Euronews”-yň habar bermegine görä Awstriýa, Horwatiýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowinanyň käbir ýerlerinde gar ýagýar. Geçen hepdäniň ahyrynda bu sebitde howanyň temperaturasy 30°C dan ýokarydy. Rumyniýada iki gün dowam eden yssydan soň, şu hepde temperatura 20°C-a çenli peseldi. Şeýlelik bilen, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Kluž-Napoka şäherinde termometriň sütünjigi 25°C-den 4°C-e çenli aşaklady.

 


Awstriýada doňaklyk sebäpli birnäçe ýol heläkçilik hadysalary boldy we köp ýollarda typmakdan goraýan zynjyrlar dakmaklyk gerek boldy. Gyssagly kömek gulluklary agaçlaryň ýollara we elektrik geçelgelerine ýykylmagyndan gorkýarlar.

 


Horwatiýanyň paýtagty Zagreb şäherini we birnäçe etraplary gar bilen örtüldi. Bu ýagdaý Balkan ýarym adasy sebitindäki döwletler üçin ýylyň bu wagty adaty däl howadyr. Klimatologlar howanyň temperaturasynyň birden peselmegini howanyň üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.
 

Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk instituty
Agronomçlyk fakultetiniň talyby.