Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy ✦ ✦ Afrika tokaýlarynyň täsin jandary — bongo ✦ ✦ Türkmen futbolçylaryndan ynamly ýeňiş ✦ ✦ Ýurdumyzda Gurban baýramy giňden bellenilýär ✦ ✦ Özbegistan taryhda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar ✦ ✦ Mätäç çagalara lukmançylyk kömekleri berildi ✦ ✦ “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Ýerleriň şorlaşmagy tebigy durnuklylyga howp salýan mesele ✦ ✦ Biodürliligi gorap saklamak sagdyn ekoulgamy döretmegiň esasy şertidir ✦ ✦ Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler
  19.04.2025
2033
YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler

Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki ilkinji forumy geçiriler. Bu halkara derejedäki çärä görülýän taýýarlyk barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hökümetiň başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

 

Foruma YHG-niň agza ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň işgärleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşar.

 

Forumyň esasy maksady — YHG sebitinde 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy ösdürmekdir. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar bu ugurdaky strategiýalary ara alyp maslahatlaşarlar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, toplumlaýyn maksatnama taýýarlamak baradaky teklipleri hödürlärler. Çäräniň ahyrynda jemleýji reaminamanyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtap, Arkadag şäherinde geçiriljek foruma ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

 

1985-nji ýylda esaslandyrylan YHG – sebit hyzmatdaşlygyny ösdürýän gurama bolup, onuň düzümine 10 ýurt: Türkmenistan, Owganystan, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan girýär. Gurama söwda, ulag, energetika we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen işleri alyp barýar. YHG-niň baş edarasy Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde ýerleşýär.

 

Merjen HUDAÝKULYÝEWA,

 

Türkmenistanyň Içeri işler institutynyň
dünýä diller kafedrasynyň rus dili mugallymy.