logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /YHG-niň Ýokary derejeli wekilleriniň 52-nji mejlisi geçirildi
  05.02.2026
339
YHG-niň Ýokary derejeli wekilleriniň 52-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýokary derejeli wekilleriniň 52-nji mejlisine gatnaşdy. Bu maslahat 2026-njy ýylyň 11–12-nji aprelinde Bagdat şäherinde geçiriljek YHG-niň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň öňüsyrasyndaky möhüm taýýarlyk tapgyry hökmünde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Mejlisde türkmen tarapy bitaraplyk syýasatynyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetine bagyşlanan kararnamanyň taslamasyny hödürläp, onuň YHG-niň Daşary işler ministrleriniň 52-nji mejlisinde kabul edilmegini teklip etdi.

 

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda syýasy, hukuk, maglumat we ynsanperwer ugurlarda strategik çözgütler taýýarlanyldy. Olaryň esasynda daşary işler ministrleri üçin iş maksatnamasy düzüldi we degişli kararlaryň kabul edilmegine taýýarlyk işleri alnyp baryldy.

 

Nurgözel ÝAZYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.