logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Yhlasly zähmet – ýazyň bezegi
  04.05.2021
797
Yhlasly zähmet – ýazyň bezegi

       Tejen etrabynyň çäginde gowaça ekiş möwsümi ýokary depgin bilen dowam edýär. Şu günler etrabyň çägindäki ekerançylyk meýdanlarynda iň idegli-soragly kärleriň eýeleri bolan mehanizatorlaryň hem aladalary artdy. Olar ýörite döredilen toparlary hem-de dürli iş gurallary, ätiýäçlyk şaýlary bilen üpjün edildi.  Gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirmäge toprak-howa şertlerine kybap gelýän ýokary öndürjilikli oba hojalyk tehnikalary bu gün daýhanyň arkadaýanjyna öwrüldi.

       Möwsümiň ilkinji günlerinde ekiş geçirilen meýdanlarda bolsa eýýäm endigan gögeriş alyndy. Etrabyň bereketli hasylynyň buşlukçylaryna öwürlen ýaşajyk gowaçalaryň düýbüni ýumşatmak, hatarara sürüm geçirmek işleri-de dessine geçirilýär. Ýakynda pagtaçy kärendeçiler otag möwsümine hem girişdiler.

     Tejenli daýhanlar alyn derini döküp, arassa yhlaslara ulaşyp, sahawatly türkmen topragyna gowaça tohumyny ekip, ýaşajyk gowaçalar daýhanyň umyt-arzulary wysala ýetýärler. Şu ýyl hem Tejenli pagtaçylar döwlet harmanyna ak altynyň 65 müň tonnadan gowragyny tabşyrmaklygy maksat edinýärler.