logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ýigit» hojalyk jemgyýeti arzanladyş yglan edýär!
  16.01.2023
1873
«Ýigit» hojalyk jemgyýeti arzanladyş yglan edýär!

Gyş paslynda halka amatly bahadan azyk üpjün etmek maksady bilen «Ýigit» hojalyk jemgyýeti öz ýyladyşhanalarynda öndürilen pomidorlary «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde ýanwar aýynyň 11-18 aralygynda ýurdumyzyň ýaşaýjylaryna 2 kilogram pomidoryň bahasyny 2 manatdan hödürleýär. 

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýigit»  hojalyk jemgyýeti, ýurdumyzda gök önümleri öndürmekde, azyk bolçulygyny döretmekde, gök-bakja önümleri bilen içerki we daşarky bazarlarymyzy üpjün etmekde uly goşandyny goşýar.

Belläp geçsek, «Ýigit»  hojalyk jemgyýeti - Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşip, kärhana 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Hususy kärhana ilki bada hojalyk we awtomotiw himiki serişdeleri öndürmek bilen meşgullanýardy. Kärhanada häzirki wagtda 600-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. Kärhana, şu möwsümde 18 müň tonna pomidor hasylyny almagy meýilleşdirýärler.