logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /"Ýigit" hojalyk jemgyýeti ýyladyşhana ulgamynyň meýdanyny 20 gektar giňeltmegi meýilleşdirýär
  05.08.2023
1219
"Ýigit" hojalyk jemgyýeti ýyladyşhana ulgamynyň meýdanyny 20 gektar giňeltmegi meýilleşdirýär

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda 70 gektar meýdandaky ýyladyşhana ulgamynda önüm öndürmegi dowam edýär. Täze möwsümde, ýyladyşhana ulgamynyň meýdanyny ýene 20 gektar giňeltmegi meýilleşdirýändigini nygtap geçdi.

 

Ýaňy ýakynda bolsa Niderlandiýanyň Amsterdam şäherinde geçirilen “Greentech Amsterdam” sergisine gatnaşdy.

 

Bu halkara sergi dünýäde oba hojalygynda öndürilýän täze önümleri tanyşdyrmak we hilini öwrenmek maksady bilen her ýyl geçirilýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende sergä gatnaşan döwletleriň sany 7 göterim artdy. Bu ýyl bolsa oňa 128 döwletiň wekilleri gatnaşdylar.

 

“Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhana toplumynda pomidorlaryň täze we durnukly sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Öndürilýän önümleriň 90 % - i Russiýa, BAE, Belarussiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Owganystan ýaly birnäçe ýurtlara eksport edilýär.

 

Ýeri gelende belläp geçsek, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup “Global G.A.P” şahadatnamasyny alandygyny nygtap geçmek zerurdyr.

 

Allamyrat GAPUROW
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň işjeň agzasy