Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysady ösüşiň milli nusgasy
  26.10.2022
432
Ykdysady ösüşiň milli nusgasy

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, Watanymyzyň dünýä ýüzünde syýasy-ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmakda möhüm orna eýedir. Milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmekde ýetilen sepgitler öz gözbaşyny beýik Garaşsyzlygymyzdan alýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň batly ösüşlere, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi geljekde ösen bazar gatnaşyklaryny kemala getirmäge, ykdysady giňişlige ymykly goşulyşmaga, söwda dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň yzygider ornaşdyrylmagy bolsa haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, maliýe-ykdysady ulgamyň binýadyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa daşary ýurt maýadarlarynda ýurdumyz bilen bagly gyzyklanmalary has-da artdyrýar. Ykdysadyýetiň önümçilik ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň netijesinde halkara derejede iri möçberli taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döreýär.

Türkmenistan diýarymyzda durnukly ykdysady ösüşiň baş şertleriniň biri hökmünde hünär bilimine uly ähmiýet berilmegi hem onuň ykdysady ösüşi höweslendirmäge ýardam berýän şertleriň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen kepillendirilýär. Şoňa görä-de, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykaryp bilýän hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak işleri hem ykdysady strategiýany amala aşyrmagyň çäklerinde utgaşykly alnyp barylýar.

Häzirki zaman dünýäsinde ähli ýurtlaryň halkara bazara birleşmegi netijesinde dünýä bäsdeşligi ýitileşýär. Geljekde ýaşlaryň hünär ukyplarynyň we zehinleriniň has doly ýüze çykmagyny üpjün etjek mümkinçilikleriň barha ösjekdigi bolsa türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik häsiýeti häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda hem aýdyň beýanyny tapyp, döwletlilik ýörelgelerimiziň mundan beýläk hem berkemegine itergi berýär. 

 

Atageldi AMANIÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.