Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysady ösüşler – bagtyýar geljege goşant
  08.11.2022
598
Ykdysady ösüşler – bagtyýar geljege goşant

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde gazanylan belent sepgitler, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler ykdysady we durmuş şertlerini özara baglanyşdyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Eziz Diýarymyzda raýatlarymyza döwrebap derejede hyzmat etmek, nagt däl hasaplaşyklary doly ýola goýmak, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek maksady bilen dürli görnüşli bank kartlaryny, ähli söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallary hereket etmek bilen, bu ugra maýa goýum serişdeleri yzygider gönükdirilýär.

Geljekde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde energetika pudagynyň uly ornunyň degişlidigini nazarda tutup, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanun kabul edildi. Bu ugurda hem netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen öňe gitmegine we oňa innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi özgertmekde bazar gatnaşyklaryna geçilmegi netijeli häsiýete eýe bolýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetin möhüm orun eýeleýän ulag ulgamyny düýpgöter özgertmek, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça amala aşyrylýan başlangyçlar diňe bir milli ykdysadyýetiň ösmegine däl, eýsem sebitiň rowaçlygyna uly itergi berýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, bu babatda halkara ulgama goşulyşmak bilen bagly wezipeler degişli Maksatnamalarda we Konsepsiýalarda öz beýanyny tapýar.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatda amala aşyrylýan bu giň gerimli işler mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bolup, her bir türkmen raýatynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. 

 

Aly PYHYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.