Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦ ✦ Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagyny bes etmek teklip edildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy
  29.11.2023
363
Ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy

Ýurdumyzyň  ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär. Häzir bu pudaga ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar. 

 

 

Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurduň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge we ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen uly maksatnamalar amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlara aýratyn ähmiýet berýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar

 

 

Ýurdumyzda nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlar yzygiderli gurulyp ulanylmaga berilýär. Bu  aýdylanlara mysal hökmünde  2019-njy ýylyň iýun aýynda Gökdepe etrabynyň çäginde tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän, dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy açylyp, işe girizildi. Şeýlelikde, welaýatda önümiň täze görnüşiniň — “ECO-93” görnüşli benziniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu desganyň işe girizilmegi welaýatyň çäginde täze «ykdysady ösüş nokatlaryny» emele getirmek üçin şertleri döredýär.

 

 

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy bolan nebitgaz senagatyny öňdebaryjy, düşewüntli pudaga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Dünýäniň iň ösen  we innowasion tehnologiýalary esasynda öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek ykdysadyýetimizi ösdürmegiň iň wajyp serişdesidir. 

 

 

Nepesgeldi BAÝSÄHEDOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutynyň 4-nji ýyl talyby.