logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Ylgamak ýatkeşlige nähili täsir edýär?
  17.06.2022
1944
Ylgamak ýatkeşlige nähili täsir edýär?

ABŞ-nyň Brigama Ýanga uniwersitetiniň alymlary ylgamagyň ýatkeşligi ösdürmäge nähili täsir edýändigini anykladylar. Ol habar Neuroscience žurnalynda çap edildi. Alymlaryň aýtmagyna görä, ylgamak beýniniň ýatkeşlige jogap berýän bölümi - gippokampa stresleriň edýän zyýanly täsirini peseldýär. Iki neýronyň arasyndaky sinaptiki geçirijiligiň güýçlenmegi bilen maglumatlar ýokary derejede ýatda saklanýar. Bu proses uzak wagtlaýyn potensiasiýa diýip atlandyrylýar. Şeýle-de gaýtalanýan we dowamly stresler sinaptiki geçirijiligi gowşatmak bilen, ýatkeşlige ters täsir edýär. Alymlar ylgamak bilen ýatkeşligiň arabaglanyşygyny görkezmek üçin, syçanlarda synag geçirdiler. Gemrijilere stresli gurşawy döretdiler. Netijede tigirde ylgaýan syçanlaryň uzak wagtlaýyn potensiasiýa görkezijisi synagyň dowamynda hereketsiz galanlaryň görkezijisinden ýokary boldy. Mundan başga-da, labirinti geçmek boýunça ýatkeşligi barlamak üçin geçirilýän synagda tigirde ylgan syçanlar az ýalňyşlyklary goýberdiler. Synagyň netijesi ylgamak bilen ýatkeşligi güýçlendirmek mümkindigini subut etdi.

Babamyrat NURJYKOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby