logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Ylmy gözleg: Tilkiler adamyň iň gowy dosty bolup çykdy
  11.04.2024
1265
Ylmy gözleg: Tilkiler adamyň iň gowy dosty bolup çykdy

Hünärmenler, miladydan öňki 450-nji ýyllara degişli Argentinanyň Patagonia şäherindäki gadymy mazarlykdan tapylan galyndylary derňediler. 

 

Gözlegiň netijesinde içinde 18 sany uly we 6 sany çaga tilkiniň süňkleri tapyldy. Netijede alymlar gadymy tilki görnüşiniň adamlar bilen bile jaýlanandygyny subut etdiler.

 

Geçirilen derňew işleri tilkileriň şol bir mazarlarda jaýlanandygyny we adamlar bilen meňzeş iýmitlenişiniň bardygyny ýüze çykardy. Bu olaryň arasyndaky ýakyn gatnaşygy görkezýär.

 

Tapylan "Dusicyon avus"  tilki görnüşi, takmynan nemes çopan itiniň ululygyndady, ýöne bu görnüş gynansak-da häzirki güne çenli gelip ýetmändir.

 

Hünärmenler we şol sanda Oksford uniwersitetiniň alymlary tilkiniň aw awlaýan haýwan bolup biljekdigini çaklaýarlar. Emma häzirki itiň döremeginiň tilkileriň öý haýwanlary ýaly meşhurlygyny ýitirmegine sebäp bolandygyna ynanýarlar.

 

Aýlar DÖWLETMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.