logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Health /Ylmy gözleg: Ukusyzlyk süýji keseline sebäp bolýar
  10.03.2024
1065
Ylmy gözleg: Ukusyzlyk süýji keseline sebäp bolýar

Şwesiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden Uppsala uniwersitetiniň alymlary az uklamagyň 2-nji görnüşli süýji keseline sebäp bolýandygyny habar berdiler. Beýanatda her gije 6 sagatdan az uklamagyň süýji keseliniň döremek howpuny 16 göterim ýokarlandyrýandygy mälim edildi. Şeýle hem ukusyzlygyň gowy we sagdyn iýmitlenmegiň oňyn täsirini ýok edýändigi habar berildi. 

 

 

Takmynan 250 müň iňlisleriň saglyk maglumatlaryndan soň, alymlar ukynyň saglykda möhüm rol oýnaýandygyny aýtdylar. Gözlegi geçiren alymlar "Ýatmagy ileri tutmagy maslahat berýäris. Uky uzak möhletli metabolik saglyk üçin peýdalydyr" - diýip bellediler.

 

 

Geçirilen gözlegiň netijeleri “Jama Network” žurnalynda çap edildi. Alymlar ukynyň ýoklugy bilen 2-nji görnüşli süýji keseliniň arasyndaky baglanyşygyň “hatda sagdyn iýmitlenýän adamlarda-da” dowam edýändigini habar berdiler.

 

 

Her gije üç-dört sagat uklap ýören iňlisler, bu keseli “adaty” mukdarda uklaýanlara garanyňda (ýedi ýa-da sekiz sagat diýlip atlandyrylýar) 41 göterim köpdi. Gözlegçiler semizlik, çilim çekmek, antidepressant ulanmak ýaly faktorlary göz öňünde tutup düzedişler girizdiler.

 

Ogulşat HANALYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.