logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /YLYM ALMAK – IŇŇE BILEN GUÝY GAZMAK
  21.02.2021
1022
YLYM ALMAK – IŇŇE BILEN GUÝY GAZMAK

         Ýurdumyzda geljekki ýaş-nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin birnäçe işler durmuşa geçirilýär.  Muňa mysal edip, 2020-2021-nji okuw ýylynda orta mekdepleriň gapysyndan höwes bilen ätlan ýaş çagalaryň döwrebap bilim almaklary üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan mekdep okuwçylary kompýuterler bilen üpjün edilýär. Şeýle-de, orta mekdeplerde çagalaryň bilim – terbiýe almaklary üçin oňaýly şertler döredilýär.  Bu ugurda ata-babalarymyzyň “Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar”, “Bilimli uçar, bilimsiz – gaçar” we “Bilim bilen himet – altyndan gymmat” diýip belleýişleri ýaly, her okuw ýylynyň başynda mekdep okuwçylaryny dünýä ülňelerine laýyk gelýän okuw kitaplary hem-de multymediýa enjamlary bilen üpjün edilýär.

         Şonuň ýaly-da, her okuw ýylda ýaş zehinlileri ýüze çykarmak maksady bilen Tejen şäheriniň mekdepleriniň 9-njy, 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda taryh, türkmen dili we edebiýaty, geografiýa, iňlis dili, informatika, biologiýa, matematika, himiýa, fizika, rus dili  dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinlileri atly” bäsleşikler geçirildi. Bu bäsleşige şäheriň orta mekdeplerinden 180-den gowragy gatnaşyp, olaryň arasynda 90 sanysy baýrakly orunlara munasyp boldylar.         Bäsleşigiň ýeňijilerini Tejen şäher bilim bölümi tarapyndan ýörite diplom hatlary bilen sylaglandylar.