logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /YLYM-BILIM BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY!
  17.10.2020
1020
YLYM-BILIM BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY!

       Bilim almak ylymlar dünýäsiniň ilkinji basgançagy bolup, ynsan ömrüniň ýagty şamçyragyna öwrülýär. Munuň şeýledigine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynda amala aşyrylan ýagty geljegi nazarlaýan özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ylmy açyşlaryň artmagyna, täze ylmy gözleglere badalga berilýär. Ylmy ösüşiň ygtybarlylygyň özeni bolan başlangyç bilimiň binýadynyň berkidilmegi, başlangyç synpa barýan çagalara kompýuterleriň sowgat berilmegi, çagalar baglarydyr mekdepleriň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy bilim ulgamynyň ösüş ýoluna ymykly düşendiginden habar berýär. Ýurdumyzda dünýä biliminiň we ylmynyň gazananlarynyň durmuşymyza giňişleýin ornaşdyrylmagy, bagtyýar nesillerimiziň döwrüň iň döwrebap tehnologiýalaryna ussatlyk bilen erk edip bilmeklerini gazanmak maksady bilen ähli zerur şertleriň döredilmegi, halkymyzyň we nesillerimiziň bähbidine gönükdirilen, ýagty geljegiň rowaçlygynyň hatyrasyna amala aşyrylan beýik işleriň mysalydyr. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, täze-täze okuw hünärleriniň açylmagy, ýaş alymlaryň arasynda ylmy bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durulmagy hem bilim ulgamynyň ösüşlere beslenendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Mähriban Diýarymyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm serişde hökmünde okatmagyň sanly bilim ulgamy esasynda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmakda usuly taýdan uly ähmiýete eýe boljak okuw gollanmalarynyň taýýarlanylmagy, okuw sapaklarynyň interaktiw usullarda guralmagy bilim bermekligiň hiliniň ýokary bolmagyna mümkinçilik berýär. Sapaklaryň dowamynda talyplara berilýän maglumatlar öz düzümi, logikasy we beýan ediliş usullary boýunça ýönekeýligi taýdan tapawutlanyp, ol berilýän maglumatlary çalt we netijeli kabul etmäge hem-de özleşdirmäge mümkinçilik berýär.