Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň energetika ulgamy: durnukly ösüşiň binýady ✦ ✦ Ahal welaýatynda çagalaryň gatnaşmagynda sport çäresi geçirildi ✦ ✦ Türkmen we ermeni kärhanalarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň energetika strategiýasy: milli bähbitlerden halkara hyzmatdaşlyga ✦ ✦ Ahalteke bedewi türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Sagdyn jemgyýet — ösüşiň ygtybarly binýady ✦ ✦ Jobs In Ashgabat: iş berijiler we iş gözleýänler üçin HR consulting hyzmatlary ✦ ✦ Pekin emeli aň pudagynyň umumy ykdysady göwrümini 1 trillion ýuana ýetirmegi meýilleşdirýär ✦ ✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara tejribe alyşmak maksady bilen okuw seminary guraldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /YLYM-BILIM – KÄMILLIGE BARÝAN ÝOL
  27.12.2022
1063
YLYM-BILIM – KÄMILLIGE BARÝAN ÝOL

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda döredijilikli zähmet çekmäge ukyply, giň dünýägaraýyşly, ösen düşünjeli, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak babatdaky işler giň gerimde dowam etdirilýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar, akylly serişdeler gündelik durmuşymyzda möhüm orna eýe boldy. Şeýle wajyp innowasion tehnologiýalary içgin öwrenmek, olardan erkin çykarmak ukyp-başarnygy hem dünýä tejribesini düýpli öwrenmeli bolýar. Häzirki wagtda adamzadyň gündelik durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr, geljege şamçyragdyr.

Ýurdumyzyň şu gününi, nurana geljegini, ösüşlerini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri hem bilim ulgamy bolup durýar. Ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmeklik ýaş nesilleriň kämillige barýan ýolda üstünliklere eýe bolmagynyň möhüm görkezijisidir, perzentlik borjudyr. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ýaşlary ylmy gözleglere höweslendirmekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, döredijilik boýunça çäreleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Şonuň netijesinde hem eziz Watanymyzyň bagtyýar ýaşlary bilim ulgamynda, sportda we beýleki ugurlarda halkara derejesinde ýokary netijeleri gazanýarlar. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki şeýle üstünlikleri ýurdumyzy ösüş-özgerişlere besleýär. Bu zatlaryň ählisi bolsa Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän şertleriniň, beýik başlangyçlarynyň ajaýyp miwesidir.

Islendik döwletiň ähli ugurlar babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň köptaraplaýyn ösüşine bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmek, ylyma höwesli ýaş alymlaryň sanyny artdyrmak, olaryň ylmy işleriniň hilini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler biziň her birimizi buýsandyrýar hem guwandyrýar. Täze galkynyşyň nurundan rowaçlanýan bilim ulgamyny barha ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk getirmek, türkmen alymlaryň ylmy açyşlaryny, ylmy täzeliklerini hem-de oýlap tapyşlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen eziz Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak döwletimiziň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şeýle ajaýyp, bagtyýar zamanada, parahat ýurtda ýaş nesilleriň bilim almagy, okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň jany  sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi belent ösüşlere sary rowaçlanýan ak ýollarda barha şöhratlansyn!  

 

Mähri ŞYHYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.