Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler batlanýar
  02.05.2023
1238
Ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeler batlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, ulgamdaky özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işlerini, ylmy-tehnologik gözlegleri işjeňleşdirmäge giň ýol açylýar. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, bilim edaralarynyň okuw-usulyýet üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda döwrebap mekdepleriň ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin oňat enjamlaşdyrylan okuw binýady bolmak bilen, ol ulgamyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna esaslanýar. Sanly ulgama geçmegiň çäklerinde öwredilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek ugrundaky işler hem oňyn häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edilen netijeli çözgütdir. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli amal edilmegi täzeçe pikirlenmegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak işinde we şonuň netijesinde ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmakda, eziz ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe gitmeginde nobatdaky möhüm ädim bolup çykyş edýär. Häzirki wagtda ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täzeçe bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmaga şert döredýär. Bilim ulgamyny ösdürmek, nurana geljegimiz bolan kämil bilimli ýaş nesli kemala getirmek babatda uly aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!  

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň 
Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.