logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /YLYM-BILIME GIŇ ÝOL
  03.11.2022
631
YLYM-BILIME GIŇ ÝOL

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletimizde giň gerimde amala aşyrylýan milli bilim özgertmeleriniň talaplaryna laýyklykda ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär.

Ýaşlara bilim, terbiýe bermekde, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ulgamlara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Döwrümiziň bagtyýarlyga beslenen zamanasynda halkara tejribeler esasynda ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan ugur alnyp, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesli okatmak we terbiýelemek işinde, talyp ýaşlary durmuşa taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Biz talyp ýaşlar hem okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berkitmek üçin gözel paýtagtymyzdaky kitaphanalarda şeýle-de orta mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Biz kitaphanalardaky dürli dillerdäki kitaplaryň üsti bilen dil baýlygymyzy has-da artdyrýarys. Olary terjime edýäris we terjimeçilik sungatynyň inçe ýollaryny ele alýarys. Orta mekdeplerde bolsa halypa mugallymlaryň ýardam bermegi bilen hünär taýýarlygymyzy has-da ýokarlandyryp, okatmagyň usulyýeti boýunça düşünjelerimizi kämilleşdirýäris.

Biz talyp ýaşlaryň şeýle ajaýyp şertlerde okap bilim almagymyz ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän, kämil şahsyýetler bolmagymyz üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn! 

 

Akbike ÖWEZDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.