logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Science and Education /Ylym dünýäsinden gyzyl reňk hakda geň galdyryjy gözleg
  12.10.2022
1517
Ylym dünýäsinden gyzyl reňk hakda geň galdyryjy gözleg

Beýnimizde reňkleriň döredýän signallary bize haýsydyr bir tekst ýa-da söz zerurlygy bolmazdan bir zady düşündirip bilýär. Gyzyl reňkiň gyjyndyryjy we oýaryjy täsiriniň bardygy mälim bolsa-da, alymlar geçiren gözlegleriniň netijesinde «Gyzyl reňk beýnimizde nämä sebäp bolýar?» - diýen meselä geň galdyryjy jogap tapdylar.

«Elife» žurnalynda çap edilen gözlegde alymlar gyzyl reňkiň beýnidäki tolkunlary güýçlendirýändigini ýa-da güýçlendirmeýändigini barladylar. Gözleg, «V1» diýlip atlandyryldy. Alymlar beýniniň magnit işjeňligini ölçemek üçin magnetoensefalografiýa usulyndan peýdalandylar.

Geçirilen täze gözleg, gyzyl we ýaşyl reňkleriň beýnimizde gamma tolkunlaryny döredýändigini ýüze çykardy. Gözlege 30 sany meýletinçi gatnaşdy.

Alymlar gözlegiň netijesinde magnetoensefalografiýa usulyndan peýdalanyp gyzyl we ýaşyl reňkleriň beýnimizde gamma tolkunlaryny döredýändigini, gök reňkiň bolsa iň az nerw täsirini döredýändigini öwrendiler.

 

Käbegül AÝJANOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 
Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy 
hünäriniň bakalawr taýýarlygynyň 4-nji ýyllyk talyby.