Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /YLYM KÄMILLIGE ÝOL AÇÝAN BAÝLYK
  25.07.2022
609
YLYM KÄMILLIGE ÝOL AÇÝAN BAÝLYK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda Watanymyzy berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga, kalplary buýsanja besleýän üstünlikleriň hem rowaçlyklaryň gazanylmagy “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny has-da dabaralandyrýar. Häzirki wagtda  bagtyýarlygyň hem parahatçylygyň mekany bolan, şan-şöhraty äleme dolan ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan ösüşler, belent maksatly özgertmeler bagtdan paýly, söýgüden serpaýly kalbymyzyň buýsanjydyr.

Bagtyýar döwrümizde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň ösüşli menzillerini äleme ýaýmakda, eziz Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmeginde ylym ulgamynyň ýeten derejesi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmakda alnyp barýan maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Ylym-bilim almak, hünär öwrenmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň baş maksady bolmalydyr. Çünki islendik döwletiň ösüşi, kuwwaty, aýdyň geljegi ylymly-bilimli ýaşlara bagly bolup durýar. Ylym adamzady kämilleşdirýän, daşky dünýä düşünmäge ýol açýan, yzygiderli özleşdirilýän gymmatly baýlykdyr.

Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge, türkmen ylmyny ösdürmäge gönükdirilen bilim özgertmeleri ýaşlaryň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde  ýokary göterilmegini, Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň ösen, kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün edýär. Netijede, döwletimiz dünýä jemgyýetçiligine ynamly aralaşýar. Bularyň ählisini bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler aýdyňlygy bilen doly subut edýär. Pursatdan peýdalanyp, täze-täze ylym-bilim üstünlikleri bilen şöhratlanýan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň her bir gününiň asly-halal maşgala ojakly, rysgal-berekedi egsilmez sahawatly toprakly, Garaşsyz diýarly mähriban halkymyza saglyk, bagtyýarlyk, asudalyk, egsilmez bagt getirmegini arzuw edýäris! Türkmenistan döwletimiziň okgunly ösüşleri,  türkmen  halkynyň  ak  bagty  üçin uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň  jany  sag,  ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de diňe  rowaçlyklara beslensin!

Maral HOJAMEDOWA,

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.