logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ylym ösüşleriň binýady
  04.12.2021
990
Ylym ösüşleriň binýady

Ylym-bilim-ösüş, döredijiligiň çeşmesidir ýaşlaryň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin bilim ulgamynyň maddy enjamlaryň binýady döwrebaplaşdyrylýar, täze bilim edaralary döredilýär. Ýaşlarymyzyň halkara ölçeglerine laýyk gelýän, döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimini has-da ardyrmagyna ylym we döredijilik işlerine höwes döretmegine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine hemme taraplaýyn ýardam berýän kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara we tehnologik guramaçylyk innowasiýalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, olary ulanmagyň esasynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy innowasiýa işiniň ösdürilmegi üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion üpjünçilik ulgamlaryny döretmek işlerine uly üns berilýär, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna ylmyň ösen gazananlaryny çekmäge giň şertler döredilýär. Zehinli ýaşlary tehnologiýalar we ylym ulgamyna çekmek dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsleşige ukyply netijeli önümçilik ylymy işleri alyp barýan hünärmenleriň we alymlaryň nesilini kemala getirmek baş wezipeleriň biri bolup durýar. Ylym ulgamyny özgertmek boýunça alynyp barylýan işleriň toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ýurdymyzda ylmy barlaglaryň ösüşini üpjün etmek üçin zerur ykdysady guramaçylyk we hukuk şertleriň döredilýändigini tassyklaýar.