logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Ylym we bilim ruhy galkynyşyň gözbaşydyr
  09.06.2023
989
Ylym we bilim ruhy galkynyşyň gözbaşydyr

Her bir ýurduň islendik ugurdaky ösüşiniň ýaşlara berilýän ylymdyr bilim bilen berk baglanşyklylygy jedelsizdir. Bu hakykat biziň ýurdumyzda ýokary takyklyk bilen durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň olaryň ylym bilim derejesiniň, beden hem ruhy taýdan sagdynlygynyň aýratyn alada bilen gurşalyp alýandygy, hormatly Prezidentimiziň islendik meselede ýaşlara daýanýandygy babatdaky garaýyşlary guwandyryjydyr. Bu barada Milli Liderimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren ruhy galkynyşyny ösüşlerden ösüşlere alyp gitmekde, milli äheňler bilen baglanyşdyrmakda eziz ýaşlar, Siziň zehiniňiziň gül kimin açylmagy örän zerurdyr we möhümdir» diýip belleýär.

Häzirki zaman bilim ulgamyny ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şeýle tehnologiýalar iş ýüzünde mugallymlaryň, talyplaryň hem-de okuwçylaryň hyzmatyna berildi. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini täze kompýuterler bilen üpjün etmek, olary internet toruna birikdirmek bilen bagly işler ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatynyň esasyny düzýär. Şol işleri amala aşyrmaga dünýäniň atly abraýly şereketleriniň önümleri saýlanyp alynýar. Şeýle kompýuterleriň öz ýurdumyzda öndürilmäge başlamagy hem guwandyryjy wakadyr. Iň täze häzirki zaman tehnologiýalar hem-de enjamlar, berilýän bilimiň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň  ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlarynyň biri hem, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdyr. Bu işler dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmekden, Türkmen talyplaryny okatmak işine  dünýäniň öňdebaryjy okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, dünýäniň dürli  ýurtlaryndan ýokary okuw mekdepleri we ylmy bilen yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmakdan, internet toruny uzak aralykdan bilim bermek üçin ulanmakdan we beýlekilerden ybaratdyr. 

 

Akjagül ATAÝEWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary 
kafedrasynyň mugallymy.