logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ylymly-bilimli kämil hünärmenler
  31.03.2023
943
Ylymly-bilimli kämil hünärmenler

Mälim boly ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Şonuň netijesinde-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär.

Bagtyýar zamanamyzda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek işi döwrüň ruhuna kybap derejede kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de döwletimizde mugallymlaryň işiniň döwrebap guralmagyna we olaryň hünärini kämilleşdirmeklerine bolan talap hem barha artýar. Bilim bermegiň ilkinji ädimlerinden başlap, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanylmagy täze taryhy eýýamymyzda döwrüň soňky gazananlaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegine getirýär.

Biz geljekki ýaş hünärmenler hem mekdeplerde geçýän mugallymçylyk tejribeligimizde sanly ulgam arkaly okatmagyň döwrebap usullaryny ele alýarys. Bu hil taý­dan bi­li­miň kä­mil­li­gi­ni, ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar.

Goý, ata Wa­ta­ny­my­zyň bi­lim bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da uly ta­gal­la ed­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Gurbanjemal NURSÄHEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.