logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Ynsanlyk»
  30.07.2022
1629
«Ynsanlyk»

Bir gün unudarlar meniň kimdigim,
Belki, unudarlar meniň adymy.
Ýöne setirlerim ýürekden bolsa,
Hökman ýaşadarlar ýazan zadymy.

 

Öwrenerler, ýat tutarlar, söýerler,
Harpma-harp,
Sözme-söz,
Setirme-setir.
Beýnide ýer edip, kalpda ýaşamak,
Gör, nähili bagt, göz öňüne getir.

 

Şonda ähli arzuwlarym hasyl bor,
Arzyly maksadym ýeter myrada.
Şek ýetirmän gezsem ýeterlik maňa,
«Ynsan» diýen beýik mertebä, ada.


Ilmyrat BABAÝEW