logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Politics /«Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanylanlar
  16.09.2022
662
«Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanylanlar

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň aşakdaky sanawda görkezilen daşary ýurtly agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlary Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy:

 

1. Nassery Han Muhammet — Germaniýa Federatiw Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy;

 

 

2. Çapar Ibrahim — Türkiýe Respublikasyndan birleşigiň şahsy agzasy;

 

 

3. Nur Han Abdul Eziz — Saud Arabystany Patyşalygyndan birleşigiň şahsy agzasy;

 

 

4. Kurban Ghulam Nabi — Owganystan döwletinden birleşigiň şahsy agzasy;

 

 

5. Kurban Neiaz Şir Mohammad — Owganystan döwletinden birleşigiň şahsy agzasy;

 

 

6. Amangözel Şagulyýewa — Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany;

 

 

7. Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa — Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi;

 

 

8. Atajan Burunow — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;

 

 

9. Italmaz Saparlyýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;

 

 

10. Nurýagdy Suwhanow — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy;

 

 

11. Akmämmet Akmämmedow — Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary;

 

 

12. Baýramdurdy Taýharow — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işi kafedrasynyň müdiri, professor;

 

 

13. Amangeldi Orazow — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň çyzuw we materiallaryň garşylygy kafedrasynyň uly mugallymy;

 

 

14. Rejep Bazarow — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Hormatly il ýaşulusy;

 

 

15. Batyr Myradow — «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory.