logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Economics /Ýokary hil we ekologiýa derejesi bilen ösýän pudak
  27.05.2023
791
Ýokary hil we ekologiýa derejesi bilen ösýän pudak

Berkarar döwletimizde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda senagaty sazlaşykly ösdürmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça möhüm wezipeler amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli strategiýada dokma toplumy hem esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýylsaýyn ösýän bu pudak kuwwatly önümçilik binýadyna eýe. Ösen innowasion tehnologiýalara esaslanan önümçiligi guramakda toplumda netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyz özüniň toprak-howa şertine baglylykda, orta we inçe süýümli pagtanyň iň gymmatly görnüşlerini öndürmek üçin oňaýly ýagdaýa eýe. Soňky ýyllarda täze hem ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalarynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar, oňa uly möçberdäki maýa serişdeleriniň goýulmagy bilen bolsa önümleriň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak mümkinçiligi döreýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylyp, olar daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň harytlary bilen mynasyp derejede bäsleşýärler. Gurulýan döwrebap dokma kärhanalary eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek bilen ýurdumyzyň içerki bazarlaryny hem doly üpjün edýär. Pudaga innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde täzeçe usullar esasynda täze önümleriň hem önümçiligi ýola goýuldy. Täze-täze dokma önüminiň çykarylyp başlanmagy bolsa ýurdumyzyň dokma senagatynyň ýokary depginde ösmegine, içerki bazary amatly hem-de ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge kuwwatly itergi berýär. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, «Türkmenistanda öndürilen» diýen belgili önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini we görnüşlerini ep-esli artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýola goýmak baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Ilatymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň birnäçesiniň binýadynda täze dokma önümçiligi ýola goýuldy. Häzirki döwürde ençeme kärhanalary özüne birleşdirýän bu pudagyň döwrebap önümçilik binýady ýylsaýyn ýokarlanýar. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleri özüniň ekologiýa taýdan arassalygy, tehnologik hili we göze gelüwliligi bilen görenleri özüne çekýär. Merdana halkymyzyň milli, medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolan ýüpekçilik dokma senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolmak bilen, ol ÝUNESKO-nyň naýbaşy nusgalarynyň sanawynda orun almak bilen halkara derejesinde ykrar edildi. Bu bolsa ýurdumyzda dokma pudagynyň barha uly ösüşe eýe bolýandygynyň hem-de halkara derejesinde uly abraýdan peýdalanýandygynyň möhüm görkezijisi bolmak bilen, Türkmenistan ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girmegine uly mümkinçilik berýär. 

 

Hekim JORAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň 
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 
1-nji ýyl talyby.