logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /ÝOKARY HILLI GUŞ ETI ÖNDÜRILÝÄR
  21.05.2022
1199
ÝOKARY HILLI GUŞ ETI ÖNDÜRILÝÄR

   Etrabyň çäginde ykdysadyýetiň döwlete dahyly bolmadyk pudagynyň wekillerine degişli hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň we daýhan hojalyklarynyň onlarçasy hereket edýär. Bu ugurda Tejen etrabynyň Zaman geňeşliginiň çäginde ýerleşýän guş iýmini öndürýän “Miras” hususy kärhanasy hem şolaryň hatarynda agzamak bolar. Bu hususy kärhana ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, döwrebap tilsimatlar arkaly agrosenagat toplumynyň kämil düzümini emele getirmek we tarp ýerleri özleşdirmek, şeýle-de oba ýerlerinde täze iş orunlaryny döretmek babatda saldamly goşantlaryny goşýar. Bu ýerde ýokary hili guş iýminiň sagatda 10 tonnasyny, ýylda 75 müň tonnasy we 400 tonna guş etini öndürmäge  niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumy binalarynyň birnäçesini öz içine almak bilen, olarda häzirki wagtda 120 müňden gowrak towuklary talabalaýyk idetmek we köpeltmek üçin ýokary derejedäki şertler döredilipdir. Kärhanada iým öndürmek üçin gerekli çig malyň esasy bölegi guşçulyk toplumynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýär. Dürli ekinlerden taýýarlanan iýmleriň degişli ýokumlar bilen baýlaşdyrylmagy, toplumda idedilýän jüýjeleriň sagdyn we kadaly ösmeginiň esasy şerti bolup durýar. Guşçulyk toplumynda işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Toplumda öndürilýän et önümleri söwda nokatlarynda ilata ýetirilýär. Olar guşlara talabalaýyk ideg etmek bilen birlikde, toplumyň işini alyp barmak üçin bölünip berlen meýdanlarda towuklar üçin ot-iýimlik ekinleri hem ösdürip ýetişdirýärler.