logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ýokary hilli süýt önümleri
  02.09.2020
1521
Ýokary hilli süýt önümleri

      Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän “Süýtli ýaýla” hojalyk jemgyýetine degişli “Gönezlik” hususy kärhanasy süýt önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde, netijeli işleri alyp barýarlar. Hususy kärhananyň bu önümleri öndürmekligine hojalyk jemgyýetiniň maldarlary uly ýardam berýär. Ony maldarlar süýt bilen gündelik üpjün edýärler.

        Ýurdumyzda orta we ýokary telekeçiligi ösdürmekde ähmiýetli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa “Gönezlik” hususy kärhanasynyň işçi hünärmenleri hem diýseň, guwanýarlar hem-de buýsanýarlar. Şonuň üçin hem bu kärhananyň süýt önümleri diňe bir etrabyň, şäheriň, welaýatyň azyk dükanlaryny däl-de, eýsem ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky döwlet hem-de hususy dükanlaryň tekjelerini giňden bezeýär. Hususy kärhananyň öndürýän süýt önümleriniň halk köpçüligi tarapyndan uly isleglere eýe bolmagy, bu ýerdäki zähmet öndürijileriň has-da ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi bolsa “Süýtli ýaýla” HJ-niň maldarlarynyň höwesli işlemeklerine, “Gönezlik” hususy kärhanasynyň işgärleriniň öndürýän önümleriniň hiline aýratyn üns bermeklerine giň mümkinçilik döredýär. Öndürilýän önümleriniň möçberleri ýyl saýyn has hem artmagyna getirýär. Kärhananyň            işgärleriniň şeýle ýokary derejedäki netijeleri gazanmagyna, bu ýerdäki gurnalýan bäsleşikler hem guwandyryjy görkezijiler bilen begendirýär.