logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /ÝOKARY HILLI ÝÜPLÜKLER
  20.11.2020
739
ÝOKARY HILLI ÝÜPLÜKLER

     Tejeniň S.Demrel adyndaky pagta egirme fabriginde alnyp barylýan işler il-günümizi begendirýär. Bu ýerde etrabyň ekerançylyk meýdanlaryndan ýygnalan pagta hasylyndan taýýarlanan süýmlerden önüm öndürilýär. Kärhananyň işgärleri gije-gündiziň dowamynda meýilleşdirilen çalşyk boýunça hereket edýärler. Bu fabrigyň ýyllyk kuwwatlylygy ýylyň dowamynda 5000 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürmäge niýetlenendir.

         Fabrigyň işgärleriniň agramly bölegini ýaş işçi hünärmenler tutýar. Olaryň tagallasy bilen öndürilýän önümler diňe bir ýurdymyzyň dokma kärhanalaryna däl, eýsem, daşary ýurtlara hem eksport edilýär. Bu gün kärhananyň önümleri Türkiýe we Russiýa ýaly döwletleriň dokma senagat işgärleri has hem uly isleg bildirýärler. Muňa bolsa işçi hünärmenler diýseň oňat düşünýärler. Olar ýerine ýetirýän işleriniň hiline aýratyn üns bermek bilen jemgyýetçilik guramalarynyň geçirýän bäsleşikleriniň ýeňijileri bolýarlar. Munuň özi bolsa gündelik öndürilýän önümleriniň has-da artmagyna getirýär.