logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ýokary okuw jaýlaryna girmekde täze sanly mümkinçilik
  23.07.2025
2448
Ýokary okuw jaýlaryna girmekde täze sanly mümkinçilik

Bilim — islendik ýaş adamyň geljeginiň binýady. Häzirki wagtda orta mekdebi tamamlan ýaşlaryň öňünde durýan möhüm ädimleriň biri hem ýokary okuw jaýyna üstünlikli girmekdir. Hut şu maksat bilen taýýarlanylan täze sanly çözgüt – “MenTalyp” mobil goşundysy indi Play Market arkaly hemmeler üçin elýeterli boldy.


Bu programma, ýokary okuw jaýyna gadam basmak isleýän dalaşgärler üçin niýetlenip, taýýarlyk döwründe gerek bolan ähli möhüm maglumatlary we serişdeleri bir ýere jemleýär.


“MenTalyp” näme hödürleýär?


Ýokary okuw jaýlarynyň giň sanawy
Türkmenistandaky ähli ýokary okuw jaýlary, olaryň fakultetleri we bölümleri barada doly maglumatlara eýe bolarsyňyz.


Giriş synaglaryna taýýarlyk temalary
Her ders boýunça düşnükli düşündirişli temalar arkaly synaglara taýynlygyňyzy ýokary derejä çykaryp bilersiňiz.


Testler we bäsleşikler
Synaglary ýeňil öwrenmek üçin özüňizi synap görmeklige mümkinçilik berýän interaktiw testler we içgin bäsleşikler sizi garaşýar.


Synaglaryň senesi we geçirilýän ýeri
Giriş synaglarynyň haçan we nirede geçirilýändigi barada doly maglumatlar bilen habarly boluň.


Dalaşgär sany
Saýlan ugruňyza näçe adam kabul edilýär? Indi siz bu maglumatlary hem öňünden bilip, has takyk karar berip bilersiňiz.


Bu programma diňe bir maglumat bilen çäklenmän, ýaşlara geljekleriniň ugrunda dogry we ynamly ädim ädilmegine ýardam berýär. “MenTalyp” — täzeçil, amatly we netijeli ýolbelediňizdir.


Programmany şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz: Ýükle