logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /«Ýol herekediniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»
  18.09.2021
670
«Ýol herekediniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy»

Her ýyl geçirilýän ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäklerinde ilatyň, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda wagyz-nesihat işleri, duşuşyklar, maslahatlar geçirilýär. Ine, şu günki geçirilýän maslahat hem munuň subutnamasydyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda nurana ýollarymyzda sazlaşykly hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçiriljek biraýlyk ýurdumyzyň raýatlary tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Güneşli diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyna, sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň hopwsuzlygyna bagyşlanan bir aýlygyň geçirilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ýol-ulag hadysalarynyň peselmegine, ekologiýa howpsuzlygy meseleleriniň çözülmegine we welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam eder.  

Elbetde, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän çäreler toplumy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurt abadançylygyny saklamaklyga, gün-günden täze ösüşlere we röwşen geljege barýan ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Şeýle-de, biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup, ilatyň saglygyny goramaga, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga gönükdirilendir.

Elbetde, taryhy ösüşlere beslenýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler hem özgertmeler ýurt asudalygy, il agzybirligi ýurdumyzyň ak ýollarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.

Eziz Watanymyzda amala aşyrylýan şeýle işleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi durandyr. Bu bolsa ýurdumyzda adamynyň iň uly gymatlykdygyny aňladýan aýdyň subutnamadyr. Halkymyzyň abadan durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!