logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada wagyz nesihat
  20.09.2020
999
Ýol hereketiniň howpsuzlygy barada wagyz nesihat

      Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýurdumyzda yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy–ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanyp yglan edilen bir aýlygyň çäklerinde etrabyň edara-kärhanalarynda, orta mekdeplerinde okuwçylaryň arasynda bäsleşikleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmek işleri dowam edýär.

        Şolar ýaly ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan wagyz nesihat işleriniň biride Bäherden etrabynyň 30-njy orta mekdebinde başlangyç synpda okaýan okuwçylaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada ýörite görkezme esbaplar arkaly giňişleýin wagyz nesihat çäresi geçirildi. Wagyz nesihat çäresinde çykyş edenler, okuwçylara, ýaş nesillere bilmeýän zatlaryny öwretmek, olary dürs ýola ugrukdyrmak ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny üçin edilýän aladalary düşündirmek biziň ählimiziň üçin mukaddes borçdugy barada aýtdylar.