Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Sport /Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy!
  10.09.2020
692
Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy!

       Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda hereket edýär. Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly däbe öwrülen biraýlygyň geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyna, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmäge bagyşlanyp halkymyz tarapyndan uly buýsanç bilen goldanyp geçirilýän bu bir aýlygyň çäreleri eziz diýarymyzda eşretli durmuşyň hözirini görüp, adam hakyndaky aladalaryň giň gerim alýandygyny duýup, muňa buýsanyp ýaşaýan her bir raýatymyzda nurana we abadan ýollarymyzyň howpsuzlygy bilen baglanşykly raýatlyk borçlary hakynda  düşünjelerini, artdyrýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ähli obadyr-şäherlerinde ýol hereketleriniň howpsuzlygynyň ýokary derejede berjaý edilýändiginden hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, täze çekilýän ýollary dünýäniň ösen tehnologiýasynyň talaplaryna laýyk edip gurmak işleri bilen bir hatarda, döwletimizde köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegini gazanmak, raýatlarymyzyň howpsuz hereketini üpjün etmek ugrunda hem örän uly işler alnyp barylýar. Sentýabr aýynyň dowamynda ýörite şygar astynda geçirilýän biraýlygyň çäklerinde guralýan maslahatlar, gözükdirme häsiýetli çäreler pyýada ýolagçylaryň we sürüjileriň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etmeklerini, ünsli bolmaklaryny gazanmak bilen, köçelerimizde we uly ýollarymyzda ynsan ömrüniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň gara ýollarynda hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ulag hadysalarynyň öňüni almakda döwrebap ýollaryň gurulmagy, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, ýollaryň ugrunda ähli amatlyklar bilen üpjün edilen duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, ýollaryň hereketini düzgünleşdiriji enjamlaryň, belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýada ýolagçylara hereket etmekde zerur bolan ähli şertleri döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýollarymyz asuda, illerimiz abadan bolsun!