logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ýollar bolsun, belent menzile sary!
  30.03.2023
1161
Ýollar bolsun, belent menzile sary!

Türkmen halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak sogap iş hasap edilýär. Bu asylly ýörelge Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze röwüşe eýe boldy. Paýtagtymyz Aşgabatda toplumlaýyn esasda amala aşyrylýan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalarynyň çäklerinde bina edilýän desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, döwrebap ýol-ulag düzümini döretmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän gür baglyga bürenip oturan seýilgähleri, ýaşyl zolaklary döretmek ýaly netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Bagtyýarlyga beslenen döwrümizde ýurdumyzda awtoulag serişdeleriniň sany barha artyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýollar we köprüler gurlup, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçilikleri artýar. Hormatly Prezidentimiziň dost-dogana, goňşa uzaýan, sebitleri birleşdirýän ak ýollary gurdurmak ugrundaky alyp barýan işleri ulaglaryň gatnawyny sazlaşdyrmaga hem-de geçijilik ukybyny artdyrmaga uly ýardam edýär. Ýurdumyzyň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak işiniň giň gerimde ýaýbaňlanmagy ýolagçylaryň gatnadylmagyny-da, halk hojalygy üçin daşalýan ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär. Iň esasy-da, döwrebap ýollaryň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanylýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini işe girizmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurdaky beýik işler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň, halkymyzyň asuda we abadan durmuşynyň aýdyň dabaralanmasydyr. 

 

Mülkiaman YMAMKASYMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.