logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /ÝOLLARYMYZ  ASUDA  BOLSUN!
  23.09.2022
955
ÝOLLARYMYZ  ASUDA  BOLSUN!

Golaýda, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek her bir raýatyň borjudyr» ady bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirildi. Maslahata etrabyň bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler, okuwçy ýaşlar hem-de polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler, milli Liderimiz tarapyndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda ýol hereketini üpjün etmek boýunça biraýlygyň yglan edilmegi örän ähmiýetli wakadyr diýip bellediler.


Soňra maslahatda çykyş edenler ilatymyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde raýatlarymyzyň ýokary amatlykly ýeňil awtoulaglaryň sanynyň barha köpelýändigi, bu bolsa ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketleriniň ýygjamlaşmagyna getirýändigi, şeýle şertlerde hereketiň sazlaşykly hem-de hadysasyz bolmagyny gazanmak wajyp mesele bolup durýandygy dogrusynda, şeýle hem orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy ýaşlaryň we oba ýaşaýjylarynyň arasynda köçe ýol hereketleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde raýatlara ýol hereketleriniň kadalaryny doly berjaý edip seresap bolmaklary barada aýdyp geçdiler.


Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda alyp barýan adyl syýasatlarynyň hemişe rowaç bolmagyny, janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdiler.

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň başlygy.