logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ýolöten etrabynda nebit önümleri kärhanasynyň täze binasy açyldy
  17.06.2022
1514
Ýolöten etrabynda nebit önümleri kärhanasynyň täze binasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Ýolöten etrabynda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Ýolöten nebit önümleri kärhanasynyň täze binasy açylyp ulanmaga berildi. Kärhananyň gurluşygy «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Täze nebit önümleri kärhanasynyň açylyş dabarasyna dürli ýaşdaky, dürli kärdäki ildeşlerimiz gatnaşdylar. Dabarany welaýatyň hem-de etrabyň medeniýet, sungat işgärleri, döredijilik toparlary şowhunly aýdym-sazlary bilen bezediler. Täze binasynyň meýdany 8 gektara barabar bolup, onda edaranyň dolandyryş binasy ýerleşýär.  Ýangyç saklamaga niýetlenen çelekleriň 31-si 14 müň 900 kubmetr ýagyjy saklamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, täze binada birbada 8 awtoulaga niýetlenen ýangyç guýujy estakada göz öňünde tutulypdyr. Täze kärhana Soltanbent stansiýasyndan gözbaş alýan demir ýol şahasy hem çekilipdir. Bu ýerde birbada 10 sany demir ýol çelegini kabul edip bilýän guýujy estakada bar. Binanyň çäginde ýangyn howpsuzlyk gullugynyň ýöriteleşdirilen binasy-da hereket eder.