logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Yragyň täze Prezidenti Abdullatif Raşid boldy
  14.10.2022
1185
Yragyň täze Prezidenti Abdullatif Raşid boldy

Yrak mejlisinde geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda 162 ses bilen Abdullatif Raşid ýurduň täze prezidenti boldy. 329 orunlyk Mejlisiň saýlawynyň ikinji tapgyryna 269 deputat gatnaşdy.  Sesleriň 162-sini alan Abdullatif Raşid Mejlisde kasam kabul edip, wezipesine girişdi.

Belläp geçsek, 1944-nji ýylda doglan, 78 ýaşly Abdullatif Muhammed Jemal Raşid ýokary bilimi Angliýada aldy. Raşid 2003-nji we 2010-njy ýyllar aralygynda ýurduň suw serişdeleri ministri bolup işledi.