logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ysmanagyň saglyga peýdasy
  02.02.2021
3175
Ysmanagyň saglyga peýdasy

     Ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikler bedende witaminleriň, minerallaryň ýetmezçiliginiň öwezini dolmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda möhüm çeşmedir.

       Ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri hem ysmanakdyr. Ol bir ýyllyk otjumak ösümlikdir. Onuň ýabany we bakja görnüşi bar. Ýabany ysmanak ýaz paslynda tebigy ýagdaýda gögerýär. Bakja görnüşi ýörite ekilýär. Ondan dürli görnüşli milli tagamlar we işdäaçarlar taýýarlanylýar.

        Ysmanak düzüminde köp mukdarda belok, ýok, C, B1, B12, P, E, D, A witaminleri, mikroelementleri saklaýan önümdir. Ol gadym döwürlerden bäri dürli keselleriň öňüni almak we bejermek maksady bilen ulanylyp gelinipdir. Bedenden zäherleýji maddalary (toksinleri) we agyr metallaryň duzlaryny çykarmaga hem ukyplydyr. Ysmanak ganazlygy bejermekde, aşgazan şiresiniň işlenip çykarylmagyny güýçlendirmekde peýdalydyr. Ol işdäni açýar we iýlen iýmitiň özleşdirilmegini  kadalaşdyrýar. Öt haltada ýygnanan ödi çykarmaga ýardam edýär we iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar, içi ýumşatmaga täsir edýär. Iç ýellenme, iç gatama ýagdaýynda ysmanakdan melhemlik içgi taýýarlanylýar.

        Ysmanak C witaminine, kaliý elementine we mikroelementlere baýdyr. Ol beýni öýjükleriniň zeperlenmeginiň öňüni alýar, ýürek myşsasyny pugtalandyrýar, gan basyşynyň we ýürek urgusynyň kadaly bolmagyna itergi berýär, bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ganyň emele gelmegine, öýjük dem alşyna oňyn täsir edýär, bedeniň kesellerinden goranmak ukybyny (immuniteti) berkidýär. Ysmanak ýatkeşligi gowulandyrýar, çalt pikirlenmäni we tiz netijä gelip bilmek ukyplylygyňy ýokarlandyrýar. Akyl zähmeti bilen meşgullanmagy işjeňleşdirýär.