logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Technology /Ysraýylyň ilkinji kosmos teleskopyny «NASA» uçurar!
  24.02.2023
1283
Ysraýylyň ilkinji kosmos teleskopyny «NASA» uçurar!

«NASA» - Ysraýylyň ilkinji «ULTRASAT» atly kosmos teleskopyny 2026-njy ýylyň başynda ýer orbitasyna çykarjakdygyny mälim etdi.

Berlen habarda teleskopyň işe girizilmeginiň «NASA» bilen Ysraýylyň innowasiýa, ylym we tehnologiýa ministrliginiň arasynda täze gol çekilen hyzmatdaşlygyň bir bölegidigi mälim edilýär. Teleskop alymlara neýtron ýyldyzlarynyň birleşmegi ýaly älemdäki wagtlaýyn wakalary ýüze çykarmak we seljermek boýunça kömek eder.

«ULTRASAT» kosmos teleskopy älemdäki wagtlaýyn wakalary ýüze çykarmak üçin ultramelewşe şöhlelerinden peýdalanar. Teleskop Ysraýylyň geljekdäki kosmos başlangyçlaryna uly ýol açar.