logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Yşyklar dünýäniň geljegi üçin söndi
  24.03.2024
673
Yşyklar dünýäniň geljegi üçin söndi

"Dünýä sagady" çäresiniň çäginde ýüzlerçe şäherdäki gözel ýerleriň çyralary bir sagat öçürildi. "Dünýä sagady" - howanyň üýtgemegine ünsi çekmegi maksat edinýär.

 

Eýfel, Parthenon ybadathanasy, Galata diňi ýaly dünýädäki taryhy we simwoliki ähmiýetli binalar we ýerler bir sagat garaňkylykda galdy.

 

Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy tarapyndan gurnalan "Dünýä sagady" çäresiniň çäginde ajaýyp binalaryň yşyklary öçürildi. Soňky wagtlar has artan tebigatyň ýitgilerine we klimat krizisine ünsi çekmek üçin geçirilen çärä dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe şäher gatnaşdy.

 

Gonkongda 4 müňden gowrak binanyň çyralary öçürildi. Dubaýda ýygy-ýygydan reňkli yşyk görkezişlerine ýer eýeçiligini edýän dünýäniň iň beýik binasy Burj Halifa hem 60 minut garaňkylykda galdy.

 

"Dünýä sagady" çäresi üçin 2024-nji ýylyň 23-nji martynda şenbe güni 190 ýurtda 20:30 bilen 21:30 arasynda ähli yşyklar öçürildi. Belläp geçsek, bu çäre 2007-nji ýyldan bäri her ýylyň mart aýynyň soňky şenbesinde geçirilýär.

 

Annamyrat ÇOPANOW,

Aşgabat şäherindäki 
agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.