logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Culture /ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýolunda
  28.02.2023
708
ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýolunda

Türkmenistan ýurdumyzda milli medeniýetiň ösdürilmegine, medeni we tebigy mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine uly üns berilýär. Bu möhüm wezipeler Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde ýerleşen Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý galalary medeni hem-de taryhy gymmatlyk hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şol sanda «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» we türkmen keşdeçilik sungaty bu sanawyň görnükli nusgalarynyň hatarynda orun aldy. Şol sanda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny hem bu sanawa goşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň işiniň kämilleşdirilmegi we netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreler uly ähmiýete eýedir. Diýarymyz milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ygrarlydyr. Halk döredijilik sungatynyň taryhy-medeni taýdan ylmy-wagyz görnüşinde düýpli öwrenilmegi milli ruhy gymmatlyklaryň, milli ýörelgeleriň dowamatlylygyny gorap saklamaga hem-de mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam berer. Şeýle hem döwletimizi ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek babatda alnyp barylýan işler medeni gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine şert döreder. Medeni ugurda şeýle halkara derejesindäki möhüm çäreler eziz Watanymyzyň medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga esas döredýär. 

 

Röwşen GYLYÇMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.