logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /ÝUNESKO kafedralary türkmen ylmyny dünýä ýaýar
  23.02.2023
1388
ÝUNESKO kafedralary türkmen ylmyny dünýä ýaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Mälim bolşy ýaly golaýda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras: geçmişden geljege» hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi»  atly ÝUNESKO-nyň kafedralary döredildi. Bu kafedralaryň döredilmegi bilim ulgamymyzyň we türkmen ylmynyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini dünýä derejesinde ýaýmaga mümkinçilik berer. Şeýle kafedralar häzir dünýäniň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde hereket edýär. ÝUNESKO derejesinde gozgalýan we çözgüdini tapýan meselelerdir wezipeleriň birnäçesi gözbaşyny hut şol kafedralardan alyp gaýdýar.

Ýurdumyzyň iki ýokary okuw mekdebinde döredilen täze kafedralar her dört ýylda bir mowzuk boýunça işlär.

ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň bilelikde gatnaşmagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň dilleri» we «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO-nyň klublarynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu klublaryň açylmagy ýaşlaryň döredijilik we ylmy-barlag işlerine höwesini artdyrmak, öz ýurdunyň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky bilimini ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir. 

 

Kakabaý SAPAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.