logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /ÝUNESKO-nyň sanawynda...
  31.05.2023
703
ÝUNESKO-nyň sanawynda...

«Türkmen keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumyadamzat gymmatlyklaryň hazynasyna örän uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly çäreler geçirildi.

2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyny goramak hakynda konwensiýa goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şonuň bilen birlikde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň bilelikdäki tagallalary netijesinde Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Hoja Nasreddin Gündogar Halk döredijiliginiň gahrymany, gysga gülküli şorta sözleriň, käte gündelik ertekileriň gahrymany.

Hoja Nasreddin Ependi şorta sözleriň Adamzadyň maddy däl medeni miras sanawyna goşulmagynyň Gündogar edebiýatyndaky  hyzmatdaşlyk däpleriniň has hem berkemegine giň ýol açjakdygy bu işiň uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

 

Gülnur OTUZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 
3-nji ýyl talyby.