logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy!
  27.02.2023
1294
ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda täze, möhüm sahypa açyldy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny açmak baradaky teklip bilen bu abraýly halkara guramasyna ýüz tutulypdy.

Golaýda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň işini ýola goýmak baradaky resminamanyň kabul edilendigi we onuň elektron görnüşiniň ýurdumyza gelip gowşandygy barada aýdylýar.

Bu hoş habar türkmenistanlylaryň her birinde buýsanç duýgusyny döretdi. Golaýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ÝUNESKO kafedrasynyň açylmagy mynasybetli Lebap welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, şu baýry ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmaklarynda dabara geçirildi. Onda buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz bilen bu abraýly halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň günsaýyn öňe ilerleýändigini buýsanç bilen belledi. Häzirki döwürde umumadamzat bähbitli meseleler, şol sanda ekologiýa abadançylygy baradaky wezipeler hem işjeň häsiýete eýe bolýar.

ÝUNESKO kafedralarynyň hereket edip başlamagy umumadamzat bähbitli meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagynda mugallymlaryň, talyplaryň alyp barjak ylmy işleri uly ähmiýete eýe bolar. 

 

Gözel HÜMMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.