logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Interesting /Ýupiteriň hemrasy günde 1 million adama ýeterlik kislorod öndürýär
  07.03.2024
674
Ýupiteriň hemrasy günde 1 million adama ýeterlik kislorod öndürýär

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy "NASA"-nyň “Juno” gözleg hemrasynyň maglumatlaryny gözden geçiren alymlar, Ýupiteriň hemralaryndan biri bolan "Europa"-da günde 1000 tonna kislorodyň peýda bolandygyny kesgitlediler, bu bolsa gündelik 1 million adam sarp etmek üçin ýeterlikdir.

 

 

 

Maglumatlar, "Juno"-nyň “Jupiter Auroral Distribution Experiment” (Jade) ulagy arkaly alyndy. "Juno" - diametri 3,100 kilometre barabar buz bilen örtülen "Europa"-nyň üstündäki wodorod çykarylyşyny ölçedi. Soňra bolsa emeli hemranyň üstünde emele gelen wodorodyň we kislorodyň mukdaryny ölçedi. 

 

 

 

Gözlegde, Ýewropanyň orbitasynyň Ýupiteriň radiasiýa guşaklarynyň ortasynda ýerleşýändigi sebäpli Ýupiteriň zarýadly bölejikleriniň hemranyň üstündäki suw molekulalaryny döwüp, wodorod we kisloroda öwürýändigi mälim edildi.

 

 

 

NASA-nyň “Voyager 2” kosmiki gämisi 1979-njy ýylda "Europa" has golaý barmak bilen emeli hemranyň ilkinji suratlaryny aldy. "NASA"-nyň 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda uçurjak “Europa Clipper” kosmiki gämisi 2030-njy ýylda Ýupiter ulgamyna baryp, Ýupiteriň orbitasynda 4 ýyl hereket eder.

 

Serwinäz DURDYBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby