Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Ýurdum Bitaraplyk toýun toýlaýar!
  30.11.2022
1007
Ýurdum Bitaraplyk toýun toýlaýar!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda uludan bellenilýän toý-baýramlar eziz Watanymyzy belent ösüşlere besläp, halkymyzy bir supranyň başyna jemleýär. Supra başyna jemlenmek halkymyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň parahatlygyny dabaralandyrýar. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýy Diýarymyzyň ähli ýerlerinde toý joşgunyna beslenip bellenilip geçilýär.

Bitaraplyk türkmen döwletiniň baş sütünleriniň biridir. Türkmenistan döwletimiziň baky Bitarap ýurt diýip ykrar edilip, oňa halkara hukuk derejesiniň berilmegine 27 ýylyň dolmagy bu ýyllarda halkymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri hakydaňa dolanda her birimizi buýsandyrýar. Günsaýyn özgerýän obadyr şäherler, dünýä ülňülerine gabat gelýän  medeni maksatly binalar, ajaýyp desgalar bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen miweleri. Parahatsöýüjilige, dost-doganlyga esaslanýan baky Bitaraplygymyz goňşuçylyk, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik ýollarynyň dowamy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halkyna bagtyýarlygy, özbaşdaklygy, erkinligi berip öz medeniýetini, sungatyny däp-dessuryny dünýäde dabaralandyrmaga güýç berdi.

Ge­çen dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan on­lar­ça ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi örän buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Bu­la­ryň hem­me­si ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän baş­lan­gyç­la­ryň dün­ýä­de äh­mi­ýet­li or­ny eýe­le­ýän­di­gi­niň tas­syk­na­ma­sy­dyr. Bu baş­lan­gyç­lar ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň tu­tuş 27 ýyl­lyk tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýär hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň öňün­de dur­ýan tä­ze we­zi­pe­le­ri kes­git­le­ýär. Bu gün Türk­me­nis­tan ýur­duň gel­jek­ki ösü­şi­niň bin­ýa­dy­ny tut­mak arkaly hal­ky­my­zyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin, ýur­dy ös­dür­mek­de we se­na­gat­laş­dyr­mak­da, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň tä­ze pu­dak­la­ry­ny dö­ret­mek­de üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy bi­len bü­tin dün­ýä­de bel­li­dir. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri, ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri hal­ky­my­zy buý­san­dyr­ýar we tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Güýç­li dep­gin­de ös­ýän, se­bit­de we bü­tin dün­ýä­de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy öňe sür­ýän ýur­du­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri dün­ýä­de hem uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Şo­nuň üçin hem bu gün­ki gün­de dün­ýä döw­let­le­ri bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­lar has-da ös­dü­ril­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ösüş­le­riň ýo­ly bi­len öňe alyp bar­ýan Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin! 

 

Gurbanjemal GYLYÇDURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.