logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ýurdum – Garaşsyzlyk toýun toýlaýar
  24.09.2022
1280
Ýurdum – Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär. Ýene sanlyja günden agzybir halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk şanly senesini uludan toýlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bu şanly waka mynasybetli dabaralar yzygiderli geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreginde beslän arzuw-umytlarydyr. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýy, milli medeniýeti we sungaty dünýäniň çar künjünde dabaralanýar.


Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň we dostlugyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda ykdysady, medeni-durmuş babatda gazanylýan şanly ösüşler giň gerimli maksatnamalary, durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýär.


Bagtyýarlyga beslenen ajaýyp zamanamyzda dünýäde parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalary birleşdirýän, ählumumy ösüşiň, abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitlerine oňyn bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmek ugrunda düýpli we uly möçberli işler amala aşyrylýar.

 


Gülşat HUDAÝBERENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.