Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumuzda azyk bolçulygy barada
  31.03.2020
559
Ýurdumuzda azyk bolçulygy barada

       Häzirki döwürde eziz diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. Ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanylyşy ýaly ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda gazanylýan ösüşler, ýetilýän belet sepgitler hem ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär. Dünýä ykdysadyýetinde bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowlandyrmak ugrunda alnyp barylýan beýik işler asyrlara barabardyr. Ata Watanymyzda telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikler, ildeşlerimizi bol-elin, eşretli durmuşda ýaşaýandyklaryny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Döwletiň howandarlygyndan ruhlanan, telekeçi ildeşlerimiziň amala aşyran işleri hem  azyk bolçulygyny döretmekde ädilen aýgytly ädimleriň biri boldy. Häzirki günde halkymyza hyzmat edýän döwrebap ýyladyşhanalar, maldarçylyk we guşçylyk toplumlary ilaty gündelik sarp edilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde, milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesinde ösdürmekde esasy gural bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy döwlet tarapyndan giňden  goldanmagy netijesinde, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde açylyp ulanylmaga berlen,  döwrebap ýyladyşhanalarda öndürilýän hyýar we pomidor ýaly gök önümler terligine gözel paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň ak bazarlaryna we dükanlaryna halkymyza elýeter bahalarda hödürlenilýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde hereket edýän maldarçylyk we guşçylyk toplumlary hem ilatymyza et we süýt önümleri bilen üpjün etmekde uly hyzmatlary bitirýär. “Ajaýyp ussat” maldarçylyk hususy kärhanasynda öndürilýän süýt we et önümlerini gaýtadan işlemek arkaly gaýmak, süýt, gatyk, aýran, dorag we ş.m. ak önümleri dükanlarymyzy dolduryp dur.

      Edermen babadaýhanlarymyzyň altyn ellerinden öndürilýän ýeralma, käşir, sogan, şugunnur, kädi, kelem ýaly gök-bakja önümleri hem halkymyza elýeter bahalar bilen  bol-elin ýetirilýär.

         Halkymyz üçin  edilýän bu ajaýyp hyzmatlar, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, bazarlarymyzda we dükanlarymyzda gök-bakja we miwe önümleriniň ilatymyza bol-elin edip, elýeter bahalar bilen ýetirilmegi mähriban halkymyzyň eşretli durmuşa ýaşaýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.