logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Ýurdumyz Berkarar - Zenanlar bagtyýar
  05.03.2020
1003
Ýurdumyz Berkarar - Zenanlar bagtyýar

           “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň bahary ýüreklere joşgun, kalplara şatlyk paýlap geldi. Çar ýana özboluşly gözellik  öwüşginlerini paýlaýan tebigat ynsan kalbyna ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň rowaçlyklaryna beslenip gelen joşgunly baharyny bagtyýar halkymyz ýokary ruhubelentlikde garşylaýar.Gözel tebigatyň bahar lybasyna beslenip gelen bu baýramçylyk ýurdumyzyň her bir raýatynda öz ýurduna, halkymyza bolan buýsanjyny has-da belende göterýär. Şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dürli medeni-köpçülik çäreleri şatlyk-şowhuna beslenýär.

            Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkezinde etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bark urýar baharda-gülleriň müşki, bulardan zyýada gözelleň keşbi” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guraldy. Oňa etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň uly topary gatnaşdy. Guralan bu gezekki çärä  zähmetiň öňdebaryjylary bolan gelin-gyzlar, kümüş saçly eneler bu çäräniň arzyly myhmanlary boldular.

           Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli taýsyz tagallalary, beýik işleri , ýurdumyzda ähli raýatlar bilen bir hatarda türkmen zenanlary hakynda döwlet tarapyndan uly aladalar edilýändigi Halkara Zenanlar güni mynasybetli zenanlara pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz çagaly enelerimize şa serpaýlarynyň ýapylmagy zenanlarymyzy çäksiz buýsandyrýar, olar şol eşretleri öz halkyna bagyş eden hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

           Baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Onda etrabyň drama toparynyň „Toý gutlagy“ atly edebi-sazly kompazisiýasy aýratyn gyzgyn garşylanyldy. Wäşileriň gülküli çykyşlary, aýdymçy R.Ýarjanowyň, M.Esenowanyň belent heňde aýdan joşguly aýdymlary göwünlere şatlyk paýlady. Dabarada etrabyň K.Geldimyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň ýaş zehinleriniň aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Halkara Zenanlar gününiň şanyna geçen bu gezekki dabaraly çäre ýatdan çykmajak täsirlere beslendi.